BIZNES

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen işewür forumynyň çäginde türkmen telekeçileriniň wekiliýeti ýurduň önümlerini Kuweýtden we Saud ýarym adasyndan gelen hyzmatdaşlara üstünlikli hödürledi.

Türkmen-Kuweýt işewür forumy 16-njy fewralda Kuweýt Döwletiniň paýtagtynda geçirildi. Çäre iki ýurduň işewür wekillerini bir ýere jemledi we Türkmenistan bilen Pars aýlagynyň sebtiniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm platforma boldy.

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti forumda wekilçilik edilen ýörite türkmen önümçilik kärhanalarymyzyň hatarynda boldy. Kompaniýanyň wekiliýeti öndürýän önümlerimizi giň görnüşini we ýokary hilini görkezýän birnäçe prezentasiýalary geçirdi.

Türkmen önümleri forumyň gatnaşyjylarynda uly täsir galdyrdy. Kuweýtli hyzmatdaşlar hödürlenen harytlaryň görnüşine we hiline uly gyzyklanma bildirdiler.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda “Aýdyň Gijeler” Hojalyk jemgyýetiniň wekilleri mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen jikme-jik maslahatlaşmalar geçirdiler. Taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljegini we sebit bazarlarynda özara gatnaşyklaryň mümkin bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş sapary diňe bir kuweýtli telekeçiler bilen däl, eýsem Saud ýarym adasynyň beýleki ýurtlarynyň işewür wekilleri bilen hem göni aragatnaşyk ýola goýmaga mümkinçilik berdi, bu bolsa türkmen önümlerini eksport etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Birinji Türkmen-Kuweýt işewür forumyny üstünlikli diýip hasaplamak bolar. “Aýdyň Gijeler” Hojalyk jemgyýetiniň wekiliýetiniň gatnaşmagy halkara derejesinde türkmen öndürijileriniň abraýyny berkitmäge ýardam etdi we Kuweýt we Pars aýlagynyň sebtiniň işewür toparlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny tutdy.

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti eksport ugruny işjeň ösdürmegi we türkmen önümleriniň dünýä bazarlaryndaky geografiýasyny giňeltmegi dowam etdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler