DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Yslamabat şäherindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynda “Orient Petroleum Inc.” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Kamran Ahmadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda pakistan kompaniýasynyň wekilleri ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň energetika pudagynyň barha artýan eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berip, tebigy gazyň dünýäde öňdebaryjy öndürijileriniň biri hökmünde Türkmenistanyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini gazy almak we gaýtadan işlemek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem dünýäde energiýa serişdeleri babatda artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge yzygiderli üns berýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary