DÜNÝÄ

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministri Hidaýatulla Badri, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow hem-de «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistan — Owganystan — Pakystan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny ilerletmek üçin berýän goldawy we döredýän şertleri üçin owgan ýolbaşçylygyna hem-de Dag-magdan senagaty we nebit ministrligine minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Owganystanyň ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Taslamanyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow işleriň häzirki ýagdaýy barada jikme-jik hasabat berdi. Esasy üns turbalaryň Owganystanyň çägine geçirilmegine we gurnalmagyna, şeýle hem gurluşygyň tapgyrlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirildi.

Öz gezeginde, Hidaýatulla Badri TOPH taslamasynyň toparynyň hünär derejesine we netijeliligine ýokary baha berdi. Owganystanyň ministrliginiň ýolbaşçysy Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň strategik ähmiýetini belläp, TOPH taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň diňe bir owgan halkyna däl, eýsem taslama gatnaşýan beýleki üç ýurda-da uly peýda getirjekdigini aýtdy.

Ministr ýerli ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, iş meýilnamalarynyň we tertibiniň yzygiderli alşylmagynyň, şeýle hem ministrligiň inženerleriniň TOPH taslamasynyň hünärmenleri bilen bilelikde okadylmagynyň we hünäriniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Hidaýatulla Badri taslamanyň ähli tapgyrlarynyň Owganystanda dag-magdan we nebit-gaz pudagyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna doly laýyk gelýändigine türkmen tarapynyň wekillerini ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar