DÜNÝÄ

BMG-niň Baş sekretary ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterrişiň şu ýylyň 3-4-nji iýulynda Astana şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmagyna garaşýandygyny habar berdi. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Murat Nurtleu ŞHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde habar berdi.

– Ilkinji gezek “ŞHG+” formatynda gurama agza, synçy we hyzmatdaş döwletler, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda sammit geçiriler – diýip, ministr Murat Nurtleu belläp geçdi.

Ol öňde boljak sammitiň parahatçylygy goldamak we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda guramany umumy tagallalarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüljekdigini belledi.

Gazagystan 2023-nji ýylyň 5-nji iýulyndan bäri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýär. 3-4-nji iýulda Astanada sammit geçiriler.

Related posts

Seçimlerin kesin sonucu açıklandı: Berdimuhamedov Cumhurbaşkanlığına seçildi

vepa

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentini gutlady

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi