DÜNÝÄ

Ahal welaýatynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bagtyýar maşgalalaryň 184-sine jaý toýlaryny toýlamaga mümkinçilik beren 4 gatly, köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi açyldy. Täze jaýlaryň Halkara zenanlar gününe gabatlanyp, dabaraly ýagdaýda açylmagy olaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.

“Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen çuň manyly ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiz ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda uly işleri amala aşyrýar, ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp, raýatlaryň ygtyýaryna berýär. Şu gün açylyp ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlary hem halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky aladalaryň nobatdaky subutnamasydyr.

Baýramçylyk gününde mümkinçiligi çäkli we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlara niýetlenen 4 gatly, 48 öýli täze jaýyň açylmagy şatlygymyza şatlyk goşdy.

Related posts

Ankarada Türkmenistanyň ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

Azerbaýjanyň täze wezipä bellenilen ministri bilen söhbetdeşlik

Disneý “20 Century Fox” brendi ýapylýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment