DÜNÝÄ

8 çagaly bagtyýar maşgalalara jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda dokuz gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bagtyýar maşgalalar hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga taýýar edilen täze ýaşaýyş jaýyna göçüp geldiler.

Täze jaýyň öňündäki dürli şarlar, köpöwüşginli çykyşlar bilen bezelen meýdança paýtagtymyzyň we şäheriň etraplarynyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar we Aşgabat şäheriniň köpsanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary özleriniň joşgünly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelýän maşgalalaryň şatlyk-şowhunlaryny belende göterdiler.

Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň esasy pursaty gelip ýetende, täze jaýyň öý eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze öýüň açarlaryna eýe bolanlaryň arasynda sekiz çagaly bagtyýar maşgalalar hem bar.

Dabara gatnaşyjylar döwrebap jaýdan öý alan 8 çagaly bagtyýar maşgalalaryň öýleriniň bosagasyndan ätläp, onuň otaglaryna aýlanmak bilen bu ýerde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar.

Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda we olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman usuldaky çözgütler peýdalanyldy. Giň otaglary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň goşmaça kömekçi desgalarynyň hem bardygyny bellemek gerek. Öýleriň aşhanasy, eýwanlary, olaryň gurluşyk aýratynlyklary amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy