DÜNÝÄ

Hytaý Gyrgyzystana 1 million doza sanjym berer

Gyrgyz Respublıkasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi.

Duşuşykda gyrgyz-hytaý gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Hytaý Gyrgyz Respublikasynyň söwda dolanyşygynda esasy orny eýeleýär.

Taraplar Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy babatda pikir alyşdylar. Gyrgyz tarapy bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I hytaý tarapynyň Gyrgyzystana 650 million ýuan (100 million dollar) möçberinde maliýe serişdelerini bölüp bermäge taýýardygyny belledi. Bu serişdeleriň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini goldamaga gönükdiriljekdigi aýdyldy.

Şeýle hem Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Hytaýyň hökümetiniň Gyrgyz Respublikasyna 1 million doza möçberinde hytaý sanjymyny we koronawirus ýokanjyna garşy lukmançylyk serişdeleirni bermek barada karar kabul edendigini belledi.

Bu duşuşyk Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirildi. Gyrgyz Respublıkasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Duşanbe şäherine geldiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbe şäherine bardy

Related posts

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri