DÜNÝÄ

Gazagystanda täze döwür: prezident bir möhlete saýlanyp biler

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi. 1 sagatdan gowrak dowam eden çykyşynyň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew wagtyndan öň prezident saýlawlarynyň geçirilmegi, şeýle hem ýurduň täze ykdysady ugrunyň görkezijileri barada çykyş etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Prezidentiň ygtyýarlyk möhletini gaýtadan saýlamak hukugy bolmazdan ýedi ýyla çenli çäklendirmegi teklip etdi.

– Prezidentiň möhletini diňe bir möhlet, ýagny, 7 ýyl bilen çäklendirmegi teklip edýärin. Häkimiýetiň emele gelmegi we işlemegi üçin siwilizlenen ýörelgeleri döretmeli. Täze Prezident ulgamy syýasy durnuklylygy, Gazagystanyň jemgyýetçilik gurluşynyň durnuklylygyny güýçlendirer – diýip, Kasym-Žomart Tokaýew Parlamentiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem Prezident Tokaýewiň çykyşyndan öňe sürlen başlangyçlar şeýle:

  • 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli Gazagystanyň syýasy gurluşygyny täzeden döretmegi teklip etdi.
  • Şu ýylyň güýzünde wagtyndan öň prezident saýlawlaryny geçirmek göz öňünde tutuldy. Meýilnama boýunça, prezident saýlawlary 2024-nji ýylda geçirilmeli.
  • Täze syýasy döwrüň başlanmagy üçin prezidentiň ygtyýarlyk möhletini 7 ýyl edip, bir gezek saýlanmak hukugynyň berilmegi teklip edildi. Mundan ozal, 5 ýyl möhlet bilen 2 gezek saýlanmak hukugy bardy.
  • Geljek ýylyň birinji ýarymynda ýurduň Mejlisinde (parlamentiň aşaky palatasy) wagtyndan öň saýlawlary geçirmek meýilleşdiriler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar