DÜNÝÄ

Türkmen-ysraýyl gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, Aşgabada sapar bilen gelen, Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Ýuwal Fuhsah bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Related posts

102 ýaşynda daga çykyp, Ginnesiň rekordyna eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Dünýäde tokaýlar täzeden dikeldiler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment