JEMGYÝET

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Gazagystanyň paýtagty Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň «С5+1» formatyndaky duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken bilen duşuşygy boldy.

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ned Praýsyň habar bermegine görä, bu duşuşyk «С5+1» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň çäklerinde bolup geçdi. Blinken ABŞ-nyň Türkmenistan bilen 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýändiklerini belledi.

Blinken Türkmenistanyň daşary işler ministri Meredowa Türkmenistanyň «С5+1» formatyndaky duşuşygyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildiriň, birnäçe maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky howanyň üýtgemegine gar’y göreşmek, hopwsuzlyk hem-de ykdysady ösüş başlangyçlary boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň «С5+1» formatyndaky duşuşyga gatnaşan ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken ABŞ-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi üçin 25 million dollar gönükdirjekdigini belledi.

Ol geçen ýylyň sentýabrynda ABŞ-nyň “Merkezi Aziýada ykdysady durnuklylyk başlangyçlary” maksatnamalarynyň çäklerinde 25 million dollar gönükdirendigini belläp, bu maliýe serişdeleriniň täze eksport bazarlaryny döretmek, şeýle hem hususy pudaga maýa goýum çekmek ýaly ugurlara sarp ediljekdigini mälim etdi.

Şeýlelikde, onuň bellemegine görä, ABŞ sebit ykdysadyýeti üçin 50 million dollaryň bölünip beriljekdigini yglan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri