JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Minnihanowy doglan bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady.

“Siz türkmen halkynyň öňden gelýän we mähriban dosty bolup durýarsyňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere ýokary baha berýäris. Biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Türkmen-Türk okulunda Kadınlar günü kutlandı

vepa

Merkezi Aziýanyň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment