JEMGYÝET

Ýaponiýada «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň gün tertibine 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň ilkinji Sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, ýokary derejedäki Sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer.

Related posts

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň ilçisini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Hasat Bayramı : 1 milyon ton pamuk

vepa