JEMGYÝET

18-nji asyryñ seýrek täji 20 ýyldan soñra Efiopiýa dolandy

Sirak Asfa atly asly efiopiýaly 1978-nji ýylda emigrant hökmünde Niderlandiýa döwletine göçüp gelýär. 1974-nji ýylda Efiopiýa döwletinde näsazlyklar bolup geçýär müñlerçe adamlar aradan çykýar, käbirleri öz ýurduny terk edip hem gitmeli bolýarlar. 1980-90-njy ýyllarda Asfanyñ Rotterdamdaky jaýynda efiopiýallar, dostlar, hat-da bosgunlar galmagy makul bilýän ekenler. 1998-nji ýylda gelen myhmanlaryñ biri bu keramatly täji öz torbasynda getiripdir. Ol döwürlerde medeniýete hiç kim üns bermändir. Soñra Asfa öz tanşyna bu täji öz öýünden çykarmajagyny we ony öz watanyna yzyna dolap bermegini aýdypdyr. Asfa näme etjegini bilmän internet forumdan maslahat sorap görüpdir ýöne gynansakda peýdaly maslahat alyp bilmändir. Soñra Asfa howpsuz ýagdaýda Efiopiýa döwletine eltip bolar ýaly mümkinçilik döreýänça, özünde saklamagy makul bilipdir.

“Men çykalgasyz ýagdaýda galdym, kime aýtjagymy, kime berjegimi bilmedim, hat-da Niderlandiýanyñ häkimiýeti täji menden mahrum eder diýip gorkýardym” diýip Sirak Asfa aýdýar. Asfa üçin şatlykly habar 2018-nji ýylda döreýär. Efiopiýa döwletine täze premýer-ministr bellenilýär. Premýer-ministr ýurduñ kyn meselelerini çözýär, hatda 2019-njy ýylyñ Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Soñra Asfa keramatly täji yzyna gaýtaryp bermegiñ wagty geldi diýip düşünýär. Ol Arturu Brendly atly Niderlandiýaly barlag geçiriji işgärine kömek etmegini haýyş edýär. Ol Artura bu täjä gyzyklanma bildirýän adamlar bardygyny we ony elinden aljakdyklaryny aýdýar. Artur bu täji yzyna gaýtarmak üçin elinden gelen kömegini etjekdigine Asfa ynandyrýar. Soñra bolsa Efiopiýanyñ we Niderlandiýanyñ häkimiýeti keramatly täji gaýtaryş dabarasyny geçirýänçäler, Asfa bilen Brend garaşmaly bolýarlar. Ahyr soñy bu keramatly täji Sirak Asfa Efiopiýanyñ premýer-ministrine gowşurýar.

Keramatly täç 1990-njy ýylda Efiopiýanyñ buthanasyndan ogurlanandyr diýip çaklaýarlar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar