TEHNOLOGIÝA

Otlyda internet hyzmaty

Özbegistanda otly gatnawlaryna internet hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada “Özbegistan demir ýollary” edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Internet hyzmaty “miniatýura internet” diýlip atlandyryldy. Internet hyzmaty ilkibaşda synag ediler. Bu synag işleri “Afrosiyab” otlylarynda amala aşyrylar. Bu ýokary tizlikli otly gatnawy Daşkent bilen Samarkandyň arasynda gatnaýar.

Internet hyzmaty ýolagçylara gatnaw döwründe kino tomaşa etmäge, aýdym diňlemäge mümkinçilik berer.

Geljekde bu hyzmatyň ähly ýolagçy otly gatnawlarynda ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi