DÜNÝÄ

“Ýewrowideniýe” aýdym-saz şüweleňi ýatyryldy

Ýewropanyň Ýaýlym Bileleşiginiň (ЕВС)  Ženewadaky ştab-kwartirasyndan berlen beýanata görä, şu ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Rotterdam şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen “Ýewrowideniýe” aýdym-saz şüweleňi ýatyryldy. Bu barada Ýewropanyň Ýaýlym Bileleşiginiň resmi wekili Dewid Gudman hem belläp geçýär.

Guramanyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen beýanata görä,  şu ýyl geçiriljek 65-nji “Ýewrowideniýe-2020” aýdym-saz şüweleňiniň ýatyrylmagyndan çuňňur gynanylýandygy bellenilýär. Bu ugurda çözgüt kabul edilmegiň kyn bolandygy, ýöne dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli şeýle netijä gelmeli bolandygy bellenilip geçilýär.

Bu bäsleşigiň 2021-nji ýylda geçirilmegi üçin Rotterdamyň şäher häkimligi we beýleki degişli edaralar bilen gepleşikleriň geçirilmeginiň dowam etjekdigi bellenildi. Şeýlelikde 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşik ilkinji gezek ýatyrylmaly boldy. Онлайн-казино MonoSlot , засноване в 2015 році, має міжнародну ліцензію та орієнтоване на міжнародну спільноту гравців. Офіційний сайт MonoSlot пропонує накопичувальний джекпот. Сума постійно збільшується. Регулярно проводяться захопливі турніри. Переможці змагань заробляють бали або очки CP. Доєднуйся та вигравай!

Türkiýe Respublikasy bu bäsleşikde 2003-nji ýylda Sertap Ereneriň “Everyway That I Can” atly aýdymy bilen birinji bolupdy. Geçen ýyl Ysraýylda geçirilen bäsleşikde Niderlandlar Patyşalygynyň wekili Dunkan Laurense “Arcade” atly aýdymy bilen birinji bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

Tramp Hytaýa döwlet sapary bilen bardy

Baku şäherinde “Howanyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahat geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Täjigistan bilen Hytaý ebedi dostluk şertnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy