DÜNÝÄ

Kembrij onlaýn kitaphanasyny dünýä jemgyýetçiligine açdy

Dünýä belli Kembrij uniwersitetiniň çaphanasy ýokary bilim ulgamy üçin onlaýn formatda kitaplar  taýýarlady. Dünýäde koronawirus ýokanç keseliniň (COVID-19) ýaýramagy bilen Kembrij uniwersiteti öz kitaplary tutuş dünýä jemgyýetçiligine açdy. “Cambridge Core” arkaly 700-den gowrak taýýar edildi we ulanmaga mümkinçilik döredildi.

Bu kitaplara erkin aralaşmak möhleti 2020-nji ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Kembrij uniwersitetiniň ähli okuw maksatnamasy esasynda fizika, Ýer baradaky ylym, tebigy ylymlar, matematika, inženerçilik, jemgyýetçilik ylymlary we gumanitar ylymlar boýunça kitaplardan peýdalanmak bolýar.

Neşirler iň täze ylmy we tehniki ösüşleriň üstünde işleýän awtorlar bilen bilelikde okuwyň, okatmagyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzüldi, şonuň üçin kitaplar okuw meýilnamasynyň täze mowzuklaryna höweslendiriji we öňdebaryjy materiallar berip biler.

Okuw çeşmeleriniň köpüsinde, dünýädäki mugallymlaryň we talyplaryň isleglerini has hem kanagatlandyrmak üçin goşmaça onlaýn hyzmatlar we çeşmeler bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady