BIZNES

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň dokma toplumynda täze önümçilik işe giriziler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenildi.

Wise-premýer N.Atagulyýew ýurduň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli, ýokary hilli ýüň ýüplügini öndürmek maksady bilen zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belläp, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçiligi işe girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

«Aşgabat-Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy

VISA we MasterCard:10.000 $ mümkinçiligi

vepa

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökün önümçiligini gurar