JEMGYÝET

Türkmenistanyň halky Bitaraplyk baýramynda 3 gün dynç alar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýaýdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 11-nji we 13-nji dekabr günlerini iş güni däl diýip yglan etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaralyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmek hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen 11-nji we 13-nji iş güni däl diýip yglan edildi we Türkmenistanyň halky 11-12-13-nji dekabrda Bitaraplyk gününi belläp geçer.

Şu Permanyň ýerine ýetirmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi