DÜNÝÄ

Szinpiniň Astana sapary: 24 resminama gol çekildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Gazagystanyň paýtagty Astanada saparda bolup, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ýokary derejede gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlendi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 16-17-nji iýun aralygynda Astana sapary özboluşly seneleriň biri boldy. Bu sapar Si Szinpiniň doglan gününe gabatlanyp guraldy. Gazak Lideri özüniň hytaýly kärdeşini doglan güni bilen gutlady.

– Biz azyndan iki-üç sany atom elektrik stansiýasyny gurmak baradaky karara geldik. Bu taslamalara iri kompaniýalaryň gatnaşmagy ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Gazagystanda atom energiýasy boýunça agentlik döredildi. Bu taslamalar boýunça Hytaýyň CNNC kompaniýasyny hem ygtybarly we strategik hyzmatdaş hökmünde görýäris – diýip, Gazak Lideri belledi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikleriň jemleri boýunça hökümetara hem-de pudagara 24 sany resminama gol çekildi.

Iki ýurduň wekiliýet agzalary energetika, aerokosmos, sanlylaşdyrmak, gümrük, oba hojalygy, elektron söwda, syýahatçylyk intellektual eýeçilik, lukmançylyk, metbugat, ylym we sebitara gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen resminamalara gol çekdiler.

Şeýle hem hökümetara derejesinde maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hem-de tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Mundan başga-da, Si Szinpiniň Astana saparynyň öňüsyrasynda “Hytaý-Merkezi Aziýa” senagat-maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça 2-nji forumy geçirilip, onda-da köp sanly ylalaşyklara gol çekildi.

2024-nji ýylda gazak-hytaý söwda dolanyşygynyň möçberi 44 milliard dollara ýetdi.

Ýene-de okaň

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanda täze ministrler wezipä bellendi

Döwran Saburow “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy başlygy wezipesine bellendi

Gazagystan Owganystanda demirýol gurluşygyna goşular