DÜNÝÄ

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy saýlaw uçastogyny döretdi

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäherinde saýlaw uçastogyny döretdi. Bu saýlaw uçastogy Özbegistan Respublikasynda 30-njy aprelde geçiriljek sala-salyşlyklar bilen baglanyşyklydyr. Şol gün Özbegistanda “Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda” Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça sala-salyşlyk geçirilýär. Ýurduň Baş kanunya üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek üçin özbek raýatlary özleriniň sesini bererler.

“Neýtralýny Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişe görä, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy saýlaw uçastogyny döretdi. Türkmenistanyň çäklerinde wagtlaýyn ýa-da hemişelik bolýan Özbegistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek bilen seslerini berip bilerler.

Şeýle hem 19-njy aprelde Türkmenabat şäherindäki “Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda we 24-nji aprelde Daşoguz şäherindäki “Daşoguz” myhmanhanasynda ses bermek üçin mümkinçilik dörediler.

Related posts

Russiýa-Afrika sammiti: 49 ýurtdan wekiliýet gatnaşýar

“ÝB-Merkezi Aziýa” arasynda daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlyk

Gruziýada Pyraga bagyşlanan maslahat geçirildi

Leave a Comment