DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG bilen ynsanperwer ugurda ýakyn hyzmatdaşlyk edýär

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň edaralary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykdaky amala aşyrýan ynsanperwer işlerine degişli meselelere deglip geçildi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz adatdan daşary ynsanperwer ýagdaýlarynda goldaw bermek bilen, ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Türkmenistanyň häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurt raýatlarynyň çykmagyna dessin hemaýat bermek boýunça halkara guramalary, hususan-da BMG bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan: Türkiýe durnukly ösýär

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi