Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary dünýä çempionatynyň 1/8 finalyň duşuşygynda Müsürin toparyny 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşyk Atlanta şäherinde geçdi.
Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Kristian Romero (79-njy minut), Lionel Messi (83) we Enso Fernandes (90+3) tapawutlandylar. Ýenilen topardan bolsa Ýasser Ibrahim (15) we Mostafa Ziko (67) gol urdy. Messiniň 21-nji minutda 11 metrlik jerime urgysyny (penaltini) şowly amala aşyryp bilmändigini hem aýtmalydyr.
Argentinanyň milli ýygyndysynyň indiki bäsdeşi Şweýsariýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bolar.
Argentinalylaryň gatnaşmagyndaky 1/4 final duşuşygy 12-nji iýula geçýän gije Kanzas-Siti şäherinde bolar.
Hüjümçi Lionel Messi bir dünýä çempionatynda iň köp gol uran argentinaly futbolçylaryň arasyndaky rekorduň eýesine ýetdi. Mundan öň bu rekord diňe Gilýermo Stabile degişlidi.
