SPORT

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Dünýä futbolynyň 2 ýyldyzy – Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldonyň bäsdeşligi entegem dowam edýär. Metbugat neşirleri bu iki meşhur futbolçynyň futbol meýdançasynda gazanýan üstünliklerini, şowlulyklaryny, rekordlaryny yzygiderli öz sahypalarynda beýan edýärler.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi dowam edýän dünýä çempionatyndaky gollarynyň sany 8-e deň boldy. Ol 1/8 finalynda Müsüriň milli ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda (3:2) bir gol geçirdi.

Şeýlelikde, Messiniň dünýä çempionatlaryndaky umumy gol sany 21-e, dowam edýän DÇ-2026-daky gollarynyň sany bolsa 8-e ýetdi.

Messi DÇ-2026-nyň her duşuşygynda tapawutlanmagy başardy. Ol Müsüre, Kabo-Werdä we Iordaniýa garşy oýunlarda bir goldan geçirdi, Awstriýa bilen geçirilen duşuşykda iki gol, Alžire garşy oýunda bolsa het-trik etdi. Häzirki wagtda ol ýaryşyň iň köp pökgi geçiren futbolçysy bolup durýar.

Gyzykly tarapy, Demirgazyk Amerikada dowam edýän ýaryşda Messiniň penalti hasaba alynmadyk gollarynyň sany eýýäm Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň 6 dünýä çempionatyndaky çykyşlarynyň dowamynda geçiren penalti hasaba alynmadyk gollaryndan köp boldy.

Ronaldonyň dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň jemi sany 11 gol bolup, şolardan 7-si adaty gollar bolup, galany bolsa 11 metrlik jerime urgularyndan geçiren gollarydyr.

Bellemeli ýeri, Messi DÇ-2026-da heniz 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirip görenok. Argentinaly hüjümçi Awstriýa (2:0) we Müsür (3:2) bilen geçirilen oýunlarda bellenen penaltileri dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Ýene-de okaň

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy