SPORT

“Real” tomusda Hames we Beýli satmak isleýär

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary iň ýakyn transfer döwründe täze futbolçylar satyn almak üçin düzümindäki käbir oýunçylary satmagy meýilleşdirýär.

“AS” neşiriniň habar bermegine görä, topar 4 ýa-da 5 oýunçysy satar. Olaryň hatarynda Garet Beýl, Hames Rodriges, Lukas Waskes, Naço, Alwaro Odriosola we Mariano Dias bar.

Topar şeýle çäreleri görmäge mejbur bolýar, sebäbi bu oýunjylara düzümde köp oýnamaga mümkinçilik ýok. Mundan başga-da, “Real Madridiň” ýene 11 oýunçysy beýleki toparda kärendesine oýnaýar.

Garet Beýl “Tottenhem” toparyndan “Reala” geçdi, Hames bolsa “Monakodan”, Odriosola bolsa “Real Sosýedad” toparyndan geldi. Waskes, Naço we Dias bolsa “Real Madrid” toparynyň öz ýetişdiren futbolçylarydyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy