SPORT

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Angliýanyň «Fulhem» futbol topary Alwaro Arbeloanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada klubyň resmi saýtynda mälim edildi.

Habarda: «Klub Alwaro Arbeloanyň “Fulhemiň” täze baş tälimçisi hökmünde bellenendigini uly şatlyk bilen yglan edýär. 43 ýaşly hünärmen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli hereket etjek üç ýyllyk şertnama gol çekdi.

Baýraklara baý futbolçylyk karýerasyndan soň, Arbeloanyň tälimçilik ýoly dünýäniň iň uly klublarynyň biri hasaplanýan “Real Madridiň” ýaşlar toparlarynda başlandy. Ol geçen möwsümde bolsa esasy toparyň tälimçiler düzüminde işledi» diýlip bellenilýär.

«Fulhem» 2025/2026 möwsüminde Angliýanyň Premýer-ligasynda 38 duşuşykdan 54 utuk toplap, ýaryşy 11-nji ýerde tamamlady.

Related posts

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

«Der Klassikeriň» ýeňijisi – «Bawariýa»

Aşgabatda “Ashgabat Open-2024” atly halkara tennis ýaryşy geçiriler