JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Italiýa rekord bilen çärýek finalda

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda çärýek finala çykan ikinji milli ýygyndy Italiýa boldy. Italiýa 1/4 final tapgyryna rekord bilen çykdy.

“A” toparynyň ýeňijisi Italiýa bilen “Ç” toparynda ikinji orny eýelän Awstriýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşugyň 90 minuty 0:0 hasabynda deňme-deň gutardy. Soňra her bir ýarymy 15 minutdan 30 minut goşmaça wagt bellendi.

Şol goşmaça wagtlarda Italiýanyň ýygyndysy 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Italiýanyň 1-nji goluny 95-nji minutda Federiko Kýeza, 2-nji goluny bolsa 105-nji minutda Matteo Pessina geçirdi. Awstriýanyň ýeke-täk goluny 114-nji minutda Saşa Kalaýžiç öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň ähli gollaryny duşuşygyň ikinji ýarymynda oýnan giren futbolçylar geçirdi.

Italiýanyň ýygyndysy 1/4 final duşuşygynda Belgiýa-Portugaliýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

ITALIÝADAN TARYHY REKORD

Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy ýeňilmezek duşuşyklarynyň sanyny 31-e ýetirdi. Bassyr 31 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän Italiýanyň ýygyndysy üçin bu taryhy rekord. Italiýanyň ýygyndysy bassyr 12 oýundan bäri ýeňip gelýär. Bu duşuşyklarda 34 gol geçirip, 1 goly öz derwezesine goýberdi.

italiýa mundan ozal, 1935-1939 ýyllar aralygynda 30 duşuşykda ýeňilmandi. Häzirki wagtda yzly-yzyna 35 duşuşykda ýeňilmän gelen iki milli ýygyndy bar: Olar Braziliýa bilen Ispaniýadyr. Braziliýa bu üstünlige 90-njy ýyllarda, Ispaniýa bolsa 20-nji ýyllarda ýetipdi.

Ýewro-2020: Daniýa ilkinji çärýek finalçy

 

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň hyzmatdaşlygy boýunça ähtnama gol çekdi

Din Sýuesýan: Hytaý Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi