SPORT

“Real Madrid” Ispaniýanyň Kubogynda finala çykdy

Ispaniýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda “Real Madrid” topary “Real Sosýedad” topary bilen 4:4 hasabynda deňme-deň oýnap, kyn bolsa-da finala çykmagy başardy. Fewral aýynyň ahyrynda geçirilen birinji duşuşykda “Real” topary 1:0 hasabynda ýeňendigi üçin jogap duşuşygyndaky deňme-deňlik şa klubynyň finala çykmagyna mümkinçilik berdi.

5 ýyl mundan ozal, “Real Sosýedad” topary “Real Madridi” 4:3 hasabynda utup, kubok ýaryşyndna çetleşdiripdi. Bu gezek Bask sebitiniň toparyna bu üstünligini gaýtalamak başartmady.

Örän çekeleşikli we köp golly duşuşykda “Real Sosýedad” topary 3:1 hasabynda öňe saýlanandygyna garamazdan, “Real” topary ruhdan düşmän hasaby deňledi.

“Real Sosýedad” topary şondna soňra hem ýene-de bir gol geçirip, 4:3 hasabynda öňe geçen hem bolsa, duşuşygyň ahyrky minutlarynda “Realyň” german goragçysy Antoniu Rýudigeriň kelle bilen geçiren goly hasabyň deňlenmegine we “Realyň” finala çykmagyna getirdi.

“Real Madrid” topary finaldaky garşydaşynyň kim boljakdygyna garaşar. Ol hem “Atletiko Madrid” – “Barselona” duşuşygynyň netijesinde belli bolar.

Belki, futbol janköýerleri kubogyň finalynda nobatdaky “El-Klasiko” duşuşygynyň şaýady bolup biler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy