SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2015-2025-nji ýyllar: Türkmenistanda üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi 6 müňe golaýlady

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň üstüni täze uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, döwrebap howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Gysga döwrüň içinde Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde, Aşgabatda ýokary derejede enjamlaşdyrylan, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän Halkara howa menzilleri işe girizildi. Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanmaga berlendigine köp wagtyň geçmändigine garamazdan, Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Ýeri gelende, 2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň iri howa ýollar düzümi bolan “Сargolux” kompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnatmak işi ýerine ýetirilip başlandy.

Şu geçen döwürde ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi, 2025-nji ýylyň üç aýyny hasaba alanyňda, 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginden Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA), Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara gatnawlaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.

Şeýlelikde, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziliniň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň ulag ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün eder.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Moskwa hem-de Aşgabat-Kazan uçar gatnawlary täzeden başlaýar

XII Türkmen-german forumy geçirildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy”: Taýlanda gidýän ýolagçylaryň dykgatyna

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» agentligi:çagalar üçin ýeňillikli awiabiletleriň satuwyny yglan edýär

Aşgabatdan amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi