SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Fransiýa çäklendirmeleri gowşadýar

Şu ýylyň 21-nji iýunyndan başlap, Fransiýada koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen käbir çäklendirmeler kem-kemden gowşadylyp başlanar. Köçelerde agyz-burun örtügini dakynmak zerurlygy ýatyrylar.

Köçä çykmak gadaganlygy ýurduň umumy sanitar ýagdaýynyň gowulaşmagy bilen ýatyrylar. Bular barada ýurduň Premýer-ministri Žan Kasteks habar berdi.

Ol ýurduň sanitar ýagdaýynyň gowulaşýandygyny belläp, 23:00-06:00-a çenli dowam edýän köçä çykmak gadaganlygynyň ýatyryljakdygyny mälim etdi.

Şeýle hem ol Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen köçlerde agyz-burun örtügini dakynmagyň zerur bolmajakdygyny belledi. Ol agyz-burun örtügini ýapyk binalarda, stadionlarda, bazarlarda we nobata durulýan ýerlerde dakylmalydygyny hem belläp geçdi.

Ýurtda köpçülikleýin koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň depgini ýokarlandyrylýar. Güýz paslyna çenli 40 million adama azyndan bir doza möçberinde sanjym etmek maksat edinilýär.

soňky maglumatlara görä, ýurtda 30 million fransuz raýaty azyndan bir doza möçberinde sanjym aldy. 15-nji iýundan başlap, 12 ýaşdan başlap, ýetginjeklere hem sanjyma başlandy.

 

S.Berdimuhamedow ÝB-niň ýörite wekilini kabul etdi

Related posts

Ýewropada “Sputnik V” sanjymy üçin barlaga başlandy

Germaniýadan 375 million ýewro goldaw

Ata Watan Eserleri

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy