MEDENIÝET

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” eseriniň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş çäresi geçirildi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Päkistan Yslam Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de bu birleşigiň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň mugallymlary we talyplary Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden bäsleşige öz sungat eserlerini ugradan suratkeşler we höwesjeňler gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda şeýle taslamalaryň, bäsleşikleriň we medeni çäreleriň diňe bir goňşy däl, eýsem doganlyk ýurtlar bolan Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge we medeni dialogy ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belläp geçdiler.

Bäsleşige gelip gowşan 50-den gowrak sungat eserleriniň arasynda ýeňijileri adalatly saýlamak maksady bilen emin agzalary hünärmenleriň hem-de höwesjeňleriň ýerine ýetiren işlerine aýratynlykda baha berdiler. Bäsleşigiň emin agzalary topary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de bu birleşigiň agzalary bolan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kämil Weliahmedow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Täjigül Gurbanowa, suratkeşler Ahmet Hallyýew, Oguljeren Babaýewadan we Eýranly nakgaş Hosseýnizadeh Sadat Zahradan ybarat bolup, olar hünärmenleriň hem-de höwesjeňleriň arasynda iki topar boýunça 3 sany ýeňiji hem-de iň gowy döredijilikli pikir üçin aýratyn 2 sany ýeňiji saýladylar. Ýeňijiler güwänamalar hem-de pul baýraklary bilen sylaglandylar, ähli gatnaşyjylara bolsa ýörite güwänamalar gowşuryldy.

Şeýle-de çäräniň dowamynda “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” atly kitabyň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Terjimeçiler Ajap Igliýewa hem-de Dünýägözel Berdigylyjowa tarapyndan terjime edilen bu kitap, Türkmenistanyň okyjylaryna eýran aşhanasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Neşir jemi 10 sany mowzuklaýyn bölüme bölünip, Eýranyň milli tagamlarynyň 100-den gowrak görnüşiniň taýýarlanyş düzgünlerini öz içine alýar. Kitabyň tanyşdyrylyşy eýran tagamlarynyň taýýarlanyş syrlaryny we hödürleniş medeniýetini görkezýän ýörite wideoşekil bilen utgaşdyryldy.

Çäre bäsleşige gelip gowşan sungat eserleriniň sergisi hem-de hödür-kerem bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri