Braziliýanyň futbol ýygyndysynyň taryhyndaky iň köp pökgi geçiren futbolçy Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada onuň sözlerini Globo portaly getirdi.
“Men elimden gelenini etdim, ýöne indi hemme zat tamamlandy” diýip, Neýmar aýtdy.
Neýmar 34 ýaşynda. Ol 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Braziliýanyň “Santos” klubuna geçdi. Ondan ozal Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” klubunda çykyş edipdi. “Al-Hilýal” klubuna geçmezinden öň bolsa, Fransiýanyň PSŽ klubunda oýnady. 2017-nji ýylda PSŽ onuň transferi üçin Ispaniýanyň “Barselona” klubuna dünýä futbolynyň şol wagtky rekordy bolan 222 million ýewro töledi. PSŽ bilen bilelikde Neýmar bäş gezek Fransiýanyň çempiony, dört gezek ýurduň Superkubogynyň eýesi boldy. Şeýle hem ol üç gezek Fransiýanyň kubogyny, iki gezek bolsa Liga kubogyny gazandy.
Karýerasynyň dowamynda Neýmar “Barselona” klubynda hem çykyş etdi. Ol bu klub bilen iki gezek Ispaniýanyň çempiony, üç gezek Ispaniýanyň kubogynyň eýesi boldy. Şeýle hem bir gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Neýmaryň ilkinji professional kluby “Santos” bolup, ol bu topar bilen Braziliýanyň kubogyny hem-de Libertadores kubogyny gazandy.
Neýmar Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň netijeli hüjümçidir. Ol milli toparyň düzüminde 130 duşuşykda 80 pökgi geçirdi. Braziliýanyň ýygyndysy bilen ol 2016-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy, 2012-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny, 2021-nji ýylda bolsa Amerika kubogynyň kümüş medalyny gazandy. Şeýle hem 2013-nji ýylda Konfederasiýalar kubogyny gazandy. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ol 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde meýdança çykdy.
