DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna cykarmak, bu ugurdaky şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we bilelikdäki taslamalara gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Azerbaýjan–Türkmenistan bilelikdäki hökümetara toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça “X” sosial torunda habar berdi.

Ministr: “Ýurtlarymyzyň eýe bolan baý energetika kuwwaty ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Biz energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak, bu ugurdaky kadalaşdyryjy we şertnama binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem bilelikdäki taslamalara gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdyk” diýip belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy