BIZNES

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan söwda, maýa goýumlary, senagat hem-de işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow “X” sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

“Biziň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda döredilen bilelikdäki hökümetara toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran iş saparymyzyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Azerbaýjan–Türkmenistan bilelikdäki hökümetara toparynyň türkmen tarapyndan başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyk geçirdik. Toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, söwda, maýa goýumlary, senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri boýunça pikir alyşdyk” diýip, ministr belläp geçýär.

Related posts

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy boldy

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosini satyn aldy

“Time” žurnaly “ýylyň adamyny” saýlady