DÜNÝÄ

Türkmen-slowen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew wideoulgamy arkaly Sloweniýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirdi.

Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini nygtamak bilen, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň mümkinçilikleri babatynda pikir alyşdylar.

Şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara alyp, taraplar 2023-nji ýylda bu şanly sene mynasybetli birnäçe çäreleri geçmek barada maslahatlaşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem Sloweniýanyň halkara meýdançalarynda, şol sanda, BMG-niň çäklerinde hem önjeýli hyzmatdaşlyk alyp barýandyklaryny bellediler.

Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler, şeýle hem işewürleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki çärelere yzygiderli gatnaşmak barada ylalaşdylar hem-de ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýady kämillişdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy