MEDENIÝET

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde geçirilen bu çäre tebigat bilen ylmyň sazlaşygyny açyp görkezip, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda (https://tebigatchy.co.tm/tm/news/a-confident-step-toward-a-green-future-eco-festival-held-in-the-capital-iwhc) habar berilýär.

Bu çäre ekologik meýletinçileriň öz taslamalary boýunça tejribe paýlaşmaklary hem-de täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaklary üçin özboluşly meýdança boldy. Guramanyň meýletinçileriniň interaktiw zonasynda bolsa körpe myhmanlar daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň wajyplygyny dürli gyzykly oýunlaryň üsti bilen öwrendiler.

Festiwalyň çäklerinde tebigy bilimler boýunça görkezme esbaplary, täsirli himiki reaksiýalar hem-de mikroskopyň astynda janly organizmleriň öýjüklerini synlamaga döredilen mümkinçilik çagalaryň ylmy gözleglere bolan höwesini has-da artdyrdy. Şeýle hem ussatlyk sapaklarynda gatnaşyjylar küýzegärçilik sungatynyň inçe syrlaryny we galyndylardan täze bezeg serişdelerini ýasamagyň usullaryny öwrendiler. Bu ýerdäki döwrebaplaşdyrylyp, täzeçe dizaýn edilen türkmen milli nagyşly önümler bolsa festiwala aýratyn öwüşgin çaýdy.

Festiwala gatnaşyjylara paýlanan serginlediji içgiler we süýji doňdurmalar myhmanlara aýratyn lezzet berdi. Meşhur aýdymçylaryň we döredijilik tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary bolsa çäräniň şowhunyny has-da belende göterdi. Festiwala işjeň gatnaşyjylara gurama we çäräniň hemaýatkärleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Gatnaşyjylaryň her birinde ekologik sowatlylygy kemala getiren bu festiwal, biziň ýaşyl we arassa geljegimize tarap ädilen ynamly ädime öwrüldi.

Ýene-de okaň

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri