BILIM

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

26-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti boýunça “Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisiniň” talyp hakynyň eýeleri bolanlar hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyplary O.Allanurowa, A.Hojanyýazowa hem-de S.Kabulowa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binasynda “Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisiniň talyp haky” atly taslamasy boýunça seçip alyş synagynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar.

“Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisiniň” talyp hakyna ýurdumyz boýunça 10 talyp hem-de 10 sany mekdep okuwçysy mynasyp boldy. Olar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili boýunça geçirilen bäsleşikde öňdeligi eýelän ýaşlar boldy.

Hytaýyň diline we  medeniýetine bolan gyzyklanma ýyldan-ýyla artýar: häzirki wagtda Türkmenistanyň dokuz sany ýokary okuw mekdebinde 1000-e golaý talyp we ýurduň 10 sany mekdebinde ýene 6200 okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Şol bir wagtda, häzirki döwürde Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan baran 10 000 töweregi talyp bilim alýar.

Related posts

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Ýaş matematikleriň üstünligi