JEMGYÝET

Azerbaýjan Türkmenistana armyt eksport edip başlady

Azerbaýjan 2026-njy ýylyň ýanwar–aprel aýlarynda jemi 1,78 million ABŞ dollary möçberinde 2 853 tonna armyt eksport etdi.

“Report” neşiriniň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna esaslanan habaryna görä, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende gymmat taýdan 18%, möçber taýdan bolsa 38% artdy.

Esasy eksport bazary hökmünde Russiýa öňdebaryjy ornuny saklaýar. Bu ýurda  1,71 million ABŞ dollary möçberinde 2 725 tonna armut  iberildi. Şeýle hem önümler Gazagystana, Gruziýa, Siriýa we Birleşen Arap Emirliklerine eksport edildi.

Şu ýyl Azerbaýjan soňky 16 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Türkmenistana armyt eksport edip başlady. Türkmenistana 1,34 müň ABŞ dollary möçberinde 3,4 tonna armyt iberildi. Şeýle hem ilkinji gezek Siriýa hem armyt eksport edildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Şähere kakao ýagdy

Ata Watan Eserleri