JEMGYÝET

“Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary, ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2027-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.

Related posts

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Türkiýedeki türkmen raýatlary barada maglumat almak üçin telefon belgileri