MEDENIÝET

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2026-njy ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda doganlyk Özbegistanyň Andijan we Kokand şäherlerinde geçirilen çärelere hem-de dabaralara ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy.

24-nji iýunda Andijan şäherinde çärä gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertinde, ýurdumyzyň döredijilik topary üstünlikli çykyş etdi. Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen konsertde hem bu döredijilik topary «Meleguş», «Küştdepdi» atly aýdymly tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär. 26-njy iýunda dabaraly çärelere gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik toparlary Andijan şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler.

Related posts

“Soltan Jelaleddin” sahnada  

Ata Watan Eserleri

“Änew-türki dünýäniň medeni paýtagty”: geçiriljek çäreleriň maksatnamasy

Beýik Seljuk Döwleti: Taryhymyzyň ajaýyp sahypasy Sesli Makalada

Ata Watan Eserleri