BILIM

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlary N.Hezziýewa we A.Allagulyýew türkmen wekiliýetiniň düzüminde Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde geçirilen “Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa-Hytaý” maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular.

Iş saparynyň dowamynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (Türkmenistan), Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) we Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hytaý dilini okatmak çygryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga”, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda hytaý tarapy bilen üçtaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde bilelikdäki ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmaga gönükdirilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, medeni gatnaşyklary giňeltmek we şonuň bilen bitewi bilim, medeni we maglumat giňişligini kemala getirmek maksat edilýär.

Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda bilim işini usulyýet taýdan üpjün etmek, mugallymlary we alymlary alyşmak, okuw gollanmalaryny bilelikde işläp taýýarlamak, özara bähbitli ugurlar boýunça mugallymlaryň hünärini we bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymlary üçin taýýarlyk hem-de hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny guramak, özara bähbitli ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýup, akademiki çäreleri bilelikde geçirmek we ylmy, usuly makalalary neşir etmek ýaly işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu Ylalaşyklara gol çekilmegi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda öňden gelýän oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nobatdaky beýany boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Gruziýanyň bilim ministrleri Tbiliside duşuşdy

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Bakuda geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasyna gatnaşdy

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar