SPORT

Robert Lewandowski Amerikada oýnar

MLS-de çykyş edýän Amerikan futbol kluby “Çikago Faýr” Robert Lewandowskiniň öz düzümlerine goşulandygyny mälim etdi.

Toparyň metbugat gullugynyň habaryna görä, 37 ýaşly polýak hüjümçisi bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekildi.

“Onuň gelmegi biziň kuboklar ugrunda göreşmek ugrundaky maksadymyzy has-da güýçlendirýär. Biz Çikagonyň ýaşaýjylaryna onuň näme üçin dünýäniň iň hormatlanýan sport ussatlarynyň biridigini janly görkezmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, klubyň baş tälimçisi Gregg Berhalter aýtdy.

Belläp geçsek, Lewandowski öz karýerasy boýunça 600-den gowrak gol geçirdi, “Transfermarkt” portaly bolsa onuň häzirki bazar bahasyny 7 million ýewro möçberinde bahalandyrýar.

Related posts

Tokio-2020: altyn medal ugrunda çekeleşikli bäsdeşlik

Ata Watan Eserleri

Täze möwsüm sentýabrda başlaýar

Saud Arabystanydan Mourinýa teklip