JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanadany, «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini, «Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny,  «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler hem-de sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli döwlet Baştutanyny we türkmen halkynyň Milli Liderini tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem işewürler ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, halkara abraýyny belende götermekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ägirt uly goşandyny belläp, Gahryman Arkadaga doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirip bermegini Türkmenistanyň Prezidentinden haýyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, işewürleriň saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen degişli kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de işewürler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Hormatly Arkadagymyz Prezident Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti türk işewürlerini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik