Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ilkinji gezek Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň giňişleýin düzümdäki mejlisine gatnaşar.
“Report” neşiriniň rus metbugatyna salgylanyp habar bermegine görä, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara meseleleri boýunça kömekçisi Ýuri Uşakow mälim etdi.
«GDA-nyň taryhynda ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçiriljek mejlise Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian çagyryldy. Şeýle hem ol Hazar ekologiýa sammitine gatnaşar» diýip, Uşakow aýtdy.
Ol Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu çärelere gatnaşmak üçin 8–9-njy oktýabrda iş sapary bilen Türkmenistana geljekdigini belledi.
