DÜNÝÄ

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Awaza geldi

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Mejlis Türkmenbaşy şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada TASS habar gullugynyň habarçysy maglumat berýär.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary 2026-njy ýylda GDA-nyň çäklerinde alnyp barlan işleriň deslapky netijelerini jemlärler, arkalaşygyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem 2026-njy ýylda bellenilýän GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna aýratyn üns berler. Bu barada saparyň öňüsyrasynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi.

Çäräniň çäklerinde ministrleriň 2027-nji ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek köp derejeli geňeşmeleriň meýilnamasyny tassyklamagyna, şeýle hem GDA ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesini we ýerini ylalaşmagyna garaşylýar.

Adatça bolşy ýaly, tassyklanan resminamalaryň köpüsi soňra GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlener. Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 9-njy oktýabrda şol ýerde — Türkmenbaşy şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistan Azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmegi teklip edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Prezidentini gutlady