JEMGYÝET

Türkmenistanyň lybaslary Fransiýada görkezildi

Fransiýanyň Dowil şäherinde Art-Storytelling Paris–Deauville maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň moda pudagynyň wekillerini, medeniýet işgärlerini we diplomatik wekilhanalaryň agzalaryny jemlän halkara moda görkezilişi geçirildi.

Çäräde Türkmenistandan meşhur dizaýner, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Keşdeçilik bölüminiň müdiri Jennet Agaýeva, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri wekilçilik etdiler.

Myhmanlara türkmen halkynyň bezeg-amaly sungatynyň, milli keşdeçilik däpleriniň hem-de döwrebap dizaýn sungatynyň baý mirasyny şöhlelendirýän işler hödürlenildi.

Türkmen wekiliýetiniň halkara moda görkezilişine gatnaşmagy Türkmenistanyň medeni mirasyny dünýäde wagyz etmekde, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, şeýle hem moda we döredijilik pudaklarynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm goşant boldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Perhat Guwançgulyýewiç Begenjowyň terjimehaly

Ata Watan Eserleri

Türkmen Sporcular Yüzmede 11 Madalya Kazandı

vepa

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamany kabul etdi