JEMGYÝET

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistanda saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azerbaýjan wekiliýetini kabul etdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bilelikdäki taslamalary ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Taraplar döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkiniň netijesinde azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändigini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen aý Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň we gol çekilen resminamalaryň hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga uly goşant goşandygy nygtaldy.

Duşuşyklarda ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, energetika, ulag, senagat, infrastruktura, syýahatçylyk we maýa goýumlary boýunça täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek başlangyjy goldanyldy.

Geçirilen hökümetara toparyň 9-njy mejlisiniň jemleri boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we suw infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýan teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi