TEHNOLOGIÝA

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şu gezekki bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, “akylly” şäherler, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Onuň netijeleri “Türkmentel — 2026” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener. Bäsleşige gatnaşan taslamalary ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işlerde ulanmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň bu ugurda geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar