BIZNES

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geňeşiň Duşenbe şäherinde geçiriljek ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr.

Mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

Türkmenistan’da petrolle kirlenmiş kıyılar temizlenecek

vepa

Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar