TEHNOLOGIÝA

Dünýäde ilkinji “emeli intellekt alymy” Ýaponiýada işlenip düzüldi

Ýapon alymlary ylmy gözleglerde öwrülişikli ädim ätdiler we dünýäde ilkinji gezek “emeli intellekt alymy” döretdiler. Ylmy açyşlary amala aşyrmak üçin “emeli intellekt alymy”  Ýaponiýada ýerleşýän “Sakana AI” gözleg we ylmy-barlag kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, ilkinji “emeli intellekt alymy” taslamasynyň “Foerster Laboratories”, Oksford uniwersiteti we beýleki köp sanly uniwersitet bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň netijesinde işlenip düzülendigi mälim edildi.

“Emeli intellekt alymy” ulgamynyň bar bolan gözlegleri gözden geçirip, täze gözleg ideýalaryny hödürläp biljekdigi we bu ulgamyň gözleg kodlaryny ýazyp biljekdigi bellenildi.

Related posts

2020-nji ýylyň iň gowy tehnologik açyşlary

Redminiň 12 GB-lyk içki ýatly telefony

Ata Watan Eserleri

«Google» deri kesellerini anyklar