JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň goranmak ministrleriniň duşuşygy

Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler Türkiýede saparda bolýan Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşdy. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň çakylygy boýunça Türkiýede saparda bolýan Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew ministrligiň binasynda kabul edildi.

Ministrligiň binasynda iki ýurduň goranmak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk hem-de wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkiýe Respublikasynyň goranmak ministri Ýaşar Güler Türkmenistanda saparda bolupdy. Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul edipdi. Duşuşyklarda harby ulgamdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alşylypdy.

Related posts

Türkmenistan ve Almanya Dışişleri Bakanları görüştü

vepa

Türkmenistan ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýär

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy

Ata Watan Eserleri